Kassa
Ştrih-kod skaner, çek çap etmek, birnäçe kassa we seýf. Internet kesilse-de satuw dowam edýär.
Kassa, ammar, buhgalteriýa, CRM we aýlyk — hemmesi bir ýerde. Windows serwersiz, döwrebap we çalt: brauzerde işleýän täze nesil dolandyryş ulgamy.
Her modul aýratyn güýçli, bilelikde bolsa — kärhanaňyzyň doly şekili. Ähli maglumat bir bazada, hakyky wagtda.
Ştrih-kod skaner, çek çap etmek, birnäçe kassa we seýf. Internet kesilse-de satuw dowam edýär.
Birnäçe ammar, geçirimler, inwentarizasiýa, az galan haryt duýduryşlary we sebäbet bahasy hasaby.
Hasaplar meýilnamasy, žurnal ýazgylary, P&L, balans we synag balansy — hakyky iki taraplaýyn ýazgy.
Satuw voronkasy (Kanban), geleşikler, aragatnaşyk taryhy we lider → müşderi → sargyt konwersiýasy.
Aýlyk hasaby, awanslar, günlük we aýlyk satuw göterimi, rol esasly giriş hukuklary.
Satuw, girdeji, bergi-algy we ammar hasabatlary. PDF we Excel eksport, dowür deňeşdirmesi.
Zehinli Ulgam bir özenden ybarat: kassa, ammar, buhgalteriýa we işgärler. Her pudak şol özeniň özüne gerek modullaryny alýar — aşakdan öz işiňizi tapyň.
Marketler, butikler, gurluşyk we hojalyk harytlary. Kassa internetsiz hem satýar, galyndy her satuwdan soň täzelenýär.
Bazalar, üpjün edijiler we söwda agentleri. Agent telefonda sargyt alýar, kurýer eltýär, berginiň möhleti gözegçilikde.
Stollar, ofisiant sargytlary we aşhana ekrany. Tehnologik karta satuwda ingredientleri özi hasapdan çykarýar.
Çörek, mebel, tikin, gaplaýyş. Materiallar sanawy boýunça çig mal hasapdan çykýar, taýýar önüm ammara girýär.
Ýazylyş, ussatlaryň senenamasy we abonementler. Her hyzmatyň bahasy, wagty we ussanyň gazanjy aýdyň.
Ýaramlylyk möhleti we partiýa hasaby. Möhleti golaýlaýan haryt öňünden duýdurylýar, satuw FEFO tertibinde gider.
Web-dükan we sosial ulgamlardan gelýän sargytlar bir ýerde. Galyndy ammar bilen awtomatik sinhronlanýar.
Kurýerler, reýsler we ýol sahypalary. Marşrut, ýangyç we tehniki hyzmat bir hasapda jemlenýär.
Smetalar, tapgyrlar we ýerine ýetirilen iş aktlary. Her obýektiň çykdajysy we girdejisi aýratyn görünýär.
Meýdanlar, möwsümler we hasyl. Çig maldan gaýtadan işlemäge çenli — ähli hereket bir ulgamda.
Ulgam modullardan ýygnalýar — işiňiz barada gysgaça gürrüň beriň, laýyk toplumy bile saýlarys we demo görkezeris.
Biz diňe programma däl, eýsem ýerli işewürligiň ösmegi üçin ygtybarly gural döredýäris. Ine, bizi öňe iterýän dört maksat.
Kiçi dükandan uly önümçilige çenli — döwrebap dolandyryş ulgamy gymmat we çylşyrymly bolmaly däl.
Türkmen dilinde doly interfeýs we ýerinde işleýän goldaw topary — daşary ýurt hyzmatlaryna garaşlylyk ýok.
Depderleri, Excel-i we el bilen hasaplamalary awtomatik hasabatlar bilen çalyşmak, ýitgileri nola çenli azaltmak.
Täze modullar ulanyjylaryň hakyky isleglerinden gelip çykýar. Siziň ösüşiňiz — biziň ösüşimiz.
Girdeji, kassa, ammar we işgärleriň hereketleri — telefonyňyzda hakyky wagtda. Ýatyrylan çek, arzanladyş ýa-da ýetmezçilik barada siz ilkinji bolup bilýärsiňiz.
Her kassa we her dükan boýunça satuw şol pursatda täzelenýär — siz nirede bolsaňyz-da.
Çek ýatyrmak, el bilen arzanladyş, gaýtaryş, az galan haryt, möhleti geçen bergi — habar dessine gelýär.
Işgäriň her hereketi žurnalda. Ýalňyşlyk bilenem, bilgeşleýinem — bir manat hem ýitmeýär.
Söwda, önümçilik we hyzmat ulgamyndaky kärhanalar her gün Zehinli Ulgam bilen işleýär.
Integrasiýa, dilerlik ýa-da bilelikdäki taslamalar — teklibiňizi gürleşeliň.
Demo görkezişini sargyt ediň — ulgamy öz maglumatlaryňyz bilen 30 minutda görüň. Gurnama, okuw we goldaw biziň üstümizde.